Aşgabat ýatlamasy

Parahatda ýaşaýardym,
bazar bardy gapdalymda,
türmeden soň, goja ýazar
gereksiň sen ile entek,
iý diýensoň kän şugundyr,
çyksam hökman almalydym,
emma gymmat görünýärdi,
pulsuz bolsaň, derdiň tanyş,
diýdim enem ýaly garra,
biraz aşak düşjek dälmi,
utanç bilen ýeňsäm gaşap,
wah, jan ogul, diýdi naçar,
Daşoguzdan gelip şuňa,
şu sowukda, görýärsiň-ä,
janym satyp otyryn-a,
a sen diýýäň, erkek adam,
düşjek dälmi biraz aşak...

Bir gat hamy ýandy, meger,
ýüzüm tutup, gaçjak boldum,
emma gitjek ýerim ýokdy,
şugundyryn diýen ýerne,
gaýtargysyn alman aldym...

Işsiz oglan, pulum ýokdy,
gadagandym gazetlerde,
a ol ene, uzak ýoldan,
puly bolsa, geljek däldi,
şondan bäri, posly çüý dek,
galdy kellä batan sorag,
näme boldy, ýa bar puly
ýakdy döwlet salyp gora?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025