Ýola taýyn bolsa millet

Halk hiç haçan taýyn bolmaz
öz çykmaly ýollaryna,
gider başga ýoldan mydam,
çöp-çalama urar millet,
dag ýolundan gorkar adam,
çöl ýolundan gorkar adam,
ýoda gerek daşsyz, tekiz,
halk hiç haçan taýyn bolmaz
öz etmeli işlerine,
başga işe gider ylgap,
para berip, tanyş görüp,
öz çagasyn har eder ol,
har eder ol özün ilki,
galyp bilmez, alyp bilmez,
erksiz galar ýesirlikde,
zalymlary, ezijini
begendirer millet mydam,
taýyn bolman söweşmäge,
uruşmaga duşman bilen,
bukulyp däl, açyk gelse,
alsa ýurdun, öý-işigin,
ýöne bir gün öz işin etjek
bolup tursa biri ýerden,
çyksa ýola, bilip bolmaz,
ýola taýyn bolar millet,
ýolda, agyr ýolda diňe,
söweşlerde, doglan şerden,
ýetişer ol, ýa-da öler,
ýöne öler gaçman, merdem.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025