Aýdylmadyk arman

Diýýär oglan ynanýan kän sözüme,
sylagym bar il içinde, bilýärler
edýän gowy işlerimi il üçin,
ýurdum üçin, gaflat astynda galan,
paş edýärin ogry-jümri tohumy;
diýýär oglan umydym bar, şu ýakyn,
bir gowulyk bolar, ýykylar zalym,
baş atýaryn, dogry, şalar baky däl,
ýöne zulum dowam edýär, baky ol,
ýaragly kän, oully känkä jahanda,
düzüw, tämiz oglanlaryň ýeňişin,
gazanmadyk, ýöne gazanyp biljek,
ogurlajak süri şalardan güýçli,
köplük olar, garaşyp dur her ýerde,
diýýär oglan ynanýarlar sözüme,
guwanýarlar diýýär gaýduwsyz merde,
diňleýärin, gan ýaş gelýär gözüme,
ýaşdym, menem hyjuwlydym ozallar,
galan ýaly dünýäň derdi özüme,
arman indi seretmek kyn aýnada,
şol ozalky ak oglanyň ýüzüne...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025