Öňe gidenler

Sen daş ýola çykanyňda,
uly ýola, görmän soňun,
pikir edip bilmän ilki,
aždarhany ürküzmekçi,
gaçyrmakçy iň bolmanda,
ertekide görlen diňe,
her gününe bir gyz iýýän,
ýaş oglandyň, bilmeýärdiň
öňde duran adamlary,
garşylajak ýurt daşynda,
her öwrümde baýdak alyp,
KGB-den beter, belki,
içe girip, urjak bolup,
bolan bolýan mekir, tilki...

Sen bilýärdiň KGB-ni,
öldürmeli, gyrmaly täk,
kesp edinen saklanmagy,
gan üstünde, uruş bilen,
ýöne durjak diýseň durýan,
maý döredýän dem almaga,
suw getirip berýän käte,
bolman diňe namart urýan,
ýigrenjini, gazabyny
gizlän bolýan, hem ýylgyrýan...

Olar bilýär öldürmese,
ýa etmese sesiňi sem,
barjak, durjak ýerlerini,
getirjegiň ýagtylygy,
ýa çakjagyn ýyldyrymyň,
ot aljagyn çynarlaryň,
köşk öňünde, suw içen bol,
emma öňde duran aşna,
hemşeriler, dilde, beýle
dar çukura ýykylan däl,
ýyldyz gonup pagonyna,
buýruk berýän ýok olara,
ýanyň diýip şoň ýoguna.

Ýöne olar KGB-den,
ýa-da oňa buýruk berýän
bimessepden beter garyp,
beter görip, beter bahyl,
ogul-gyzy bilen çüýrän,
ýapyk ýurt däl, açyk ilde,
gemre tutan ýüreklerin,
gowy bolan bolup dilde...

Sen bu ýola çykanyňda,
tämiz oglan, kirşeniň ýok,
başyňy dik tutup çykdyň,
biljek üçin, görjek üçin
düşündiriş gerek däldi,
tanaýardy duşmanyň-da,
sen "ýat ilde ilim diýýän,
il gözüne gözi ýaşly,
mysapyryň donun geýýän,
hapa gözlär diýip menden,
şyltak atar, gep ýaýradar,
tegmil tapar öz ýanyndan,
öz göwnüne osup göýdük,
ýa bar edip seti ýokdan,
sepjek bolar gara syýa
geýen akja könegime,
duz iýişen adamlarym
beter ganym bolar ertir"
diýip pikir etmändiň hiç,
indi belli gözüň çokjak,
şükür, gördüň bolsa-da giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025