Ýol hakykaty
Aýdyşy dek öňem birniň,
bu ýol seniň ýoluň diňe,
bir seniňki, ýöne iller,
dost-ýarlaryň gelip biler,
gelip biler dogan-gardaş,
isleseler odun çöpläp,
ýa duz goýup gowaklarda,
ýa suw çekip gowa bilen,
ýoldaş bolup biler, ýöne
geçip bilmez seniň üçin
seniň ýoluň hiç bir adam,
bu ýol seniň ýoluň diňe,
durmasy ýok aryp, ýadap.