Pedagog psihologiýasy

Adam seni seniň gözüň,
ýa gözlügiň bilen görmez,
uzak, ýakyn aralykdan,
öz dürbüsi ýeter oňa,
öň pedagog bolan bolsa,
alan bolsa, garar çaňa...

Kim bolsaň bol, ynanmaz ol,
gürrüň berme, düşündirme,
wagt ýitirme, sözleriňi
zaýalama, diňlemez ol,
düşünmez ol diýýäniňe,
pikir eder öz deňinde,
öz durmuşy näme bolsa,
şoňa görä agram daşy,
düzelmez hiç, beter bolar,
gitdigiçe adam ýaşy.

Sapak beren bolsa çöken,
dargan ýurtda oglan-gyza,
pikir eder hemme adam
ýaşar diňe çöküp dyza,
başga çözgüt, çykalga ýok,
gurlan bolsa durmuş para,
öwrenilen gylyk gitmez,

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025