Halk ýazyjysy
Dargan iliň ýazyjysy,
mantyk bolsa, gürleşmeli,
birleşmeli millet üçin,
ýurtdan gaçýan yzan, çuwan,
dolanjak däl yzyna hiç,
türkler tutup, ugratmasa,
hemle, haýbat durşy bilen,
git diýmese beýlekiler,
geljek däl hiç ýüzi gülen...
Dargan iliň ýazyjysy,
bütin ömrün ýaşan ýalan,
bir armany – medaly ýok,
iliň haly gamyna däl,
näme bolsa, şol bolupdyr,
oňa, muňa gülen bolýar,
arasynda bolup pida,
oýun ýaly dünýe diňe,
kitaplaryn okajak ýok,
ýogsa öňden belli ady,
gazetlerde görünýärdi,
içhä-içdi dünýäň dady,
bek otyrka bolşewikler,
partbiletli, bilmeýärdim,
bolan bolup gurt däl, tilki,
gelýän emel adam döräp,
kyrk ýyl ozal duşdy ilki,
üýtgän zat ýok, şo bir bolşy,
şindem özi akja jüýje,
gadyr bilmez, gaharlymyş,
zeýir-zeýir aýalyndan,
kaçestwa, hili erbet,
gyz dogurýar diýýärdi öň,
üstesine göwsi gury,
süýt daşaýan zygyr-zygyr,
diýýär indi mesdim ozal,
žurnal bardy, süýtli sygyr.