Adam hekaýasy
Sen pikir et özüň hakda, özgeler,
howpsuz ýere çykan öňürdip biraz,
başyň oda, suwa salyp hak üçin,
çagaň haky üçin eden işiňe,
eneň üçin, ataň üçin, elbetde,
azabyňa eýe çykyp, gülerler,
alarlar bar alyp bolýan armydy,
şahalary egip, döwüp, gysganyp,
üýşüp basyp iki eginiňden aşak,
hapa aýakgaply durup kelläňde,
bu az ýaly, surat edip diwara,
gowak obasynda goýjak bolarlar,
çykmaz ýaly il-ulusa utanyp,
jorabyňa çenli soýjak bolarlar,
bildirmedik bolup, bukulyp perdä,
bärisinden görnüp duran aňyrsy,
sen galarsyň, eglenersiň gaýada,
uçut, inçe ýodalary hatarly,
boljak bolup has seresap, belki-de,
aby-tabyn alyp ýuwaş-ýuwaşdan,
derejesin bilip tiredeşleriň,
ýöne hemme zady aýdyp bilmersiň,
olar, gowy ýerde ornaşan, galan,
howply bolar, garaşmaly bolarsyň,
öz-özlerin ýok edýänçä ýalňyşyp,
pikir eden bolup özleri hakda,
seniň, çagalaryň pikirin etmän,
uly pälläp, uly gürläp, düşünmän
nirelere alyp barýar bu oýun,
adam döräp, gutarmajak hiç haçan,
sen pikir et özüň hakda hemişe,
olar bolsun, sen däl kartlaryn açan.