Surat

Çeni ýagşy

Çeni ýagşy geçirmegiň,
çeni ýagşy rehimiň,
şepagatyň, sylagyň-da,
il adyny peseltmäýin,
gep bolmaýyn ýat ülkede,
diýmesinler eýle, beýle,
bilmesinler derdimizi,
diýip özüň köşeşdirme,
dünýe birçak gördi bizi.

Ozal özün sylamaýan
sylap bilmez il-gününi,
çeni ýagşy, kes araňy,
kes salamyň, Taňry biler,
tanar uran, ýaralany,
garalany başgaň adyn,
öz edenin bilýän, görýän
görýäniňi tüýsün açyk,
goý, utançsyz bolsun näçe,
biri ýetim, biri ýesir,
ýa ozalky serkerde, han,
pida oýnun oýnap, nätsin,
aýyplan bor öňden gaçyp,
gaýgysyny etme onuň,
özüň bolsun bar aladaň,
halas edip bolmaz daňyp,
el-aýagyn derýa bökse,
näme diýjek garagumla,
beren suwuň çägä dökse?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025