Samsygyň öýkesi
Iň samsygam göni gelip,
samsyk diýmez saňa, ýöne
diňle gowy sözlerini,
äheňine seret onuň,
samsyk bolsa adam pahyr,
okan, işlän ýerlerinden,
ýa ýaşyndan peýda bolmaz,
näçe geýsin gowy papak,
ýa sagady bolsun gymmat,
samsyklygyn gizläp bilmez,
bukup bilmez özün senden,
samsyk saýyp seni has kän,
ýa özün has saýar dana,
aýlan bolup, öwren bolup,
iter gazan çukuryna,
ýa duzaga saljak bolar,
gaty görer bilseň pälin,
soň kineli gürrüň eder,
subut edip samsyk dälin.