Dereje gargyşy
Hiç bilimden, düşünjeden peýda ýok,
peýdasy ýok internetiň, dronyň,
ýa-da başga gurallaryň, tärini,
ulanmagyň ýollaryny bilmeseň,
ýa bilesiň, öwrenesiň gelmese,
gygyrasyň gelse, gygyr, haýbat at,
ýa şyltak at başgalara, maksady
näme bolsa, şoňa ýetermiş adam,
hem galarmyş öz ornunda, ýerinde,
oňa diplom ýa-da wezipe berip,
ýa pul berip, sowup gutaryp bolmaz,
ýa başga bir ýurda çykaryp, gürle,
sen özüňi tanat diýmek gerek däl,
ol öz etjek işin eder, soramaz,
derejesi dereje bor, özünden
adam oglun hiç bir hudaý goramaz.