Adam adam bolmasa
Hakykaty bilip durup,
görüp durup açlyk näme,
dokluk näme, depä çykan,
eziş näme, bilmeýäne,
bilýänine gelmeýäne,
ynanýana bolçulyga,
metbugatda aýdylsa kän,
çärä baryp irden, durup,
soň surnugyp gaýdylsa kän,
kanagatly bolan bolup,
bolan bolup geçirimli,
başgalaryň hasabyna,
meniň günüm gowy diýip,
sabyr etse, dymsa hemme,
dowam etse bu erteki,
bir aý, iki, alty ýyl däl,
nesil yza nesil gelse,
içinde bir murtly bolman,
ezijiniň ýüzi gülse,
bu täzelik bolmaýar hiç,
gülki bolýar, biraz gamly,
emele ýeten el uzadar,
hökman agzyn ýaglamaly,
il özüne ynanmasa,
ynanmasa hakykatda
hiç hudaýa, puldan başga,
berip, alyp, ýaşamaly,
aýdyp bolmaz adam diňe
adama bil baglamaly,
adam adam bolmasa, giç,
sesli, sessiz aglamaly...