Umytsyz iş
Ogurlanan gözleri,
ogurlanan gulaklary,
beýnileri ogurlanan,
dilli, dilsiz galan millet,
akmaklary gowy görer,
gowy görer boşy nirde,
gykylygy gowy görer,
gowy görer galmagaly,
görnüp duran ýalan bolsa,
bal ediner çöregine,
telpek gaçar aty bolsa,
sakgal gaçar arsyz ärden,
ýurt umytsyz işdir indi,
iman, ynsap gaçdy pirden,
bolan ýaly Gün ikindi...