Saklatmadyk söz

Döwlet unun, urbalygyn milletiň
sowuk ýarag, gyzgyn ýarag edindi,
ýarag etdi okuwyny, işini,
kanunlary ýarag etdi hökümet,
halka garşy, nili uzyn, gorkmaly,
atmak üçin döşe diräp, diremän,
öldürmek däl, ölmez-gülmez saklamak,
tabyn etmek üçin uludan-kiçä,
pikir etmez ýaly, ölüp beýnisi,
alymlary, ak sakgally gojany,
gyz-oglany, görjekleri öňünde,
öwürdi ol baryn demir taýaga,
urmak üçin ili biri-biriniň
eli bilen, ysmaz ýaly aýagy,
türme ertdi durmuşyny halkynyň,
gaçan gaçdy, galanlary gorkudan
ýalan sözläp, gypjyn-gypjyn ýaşady,
ýa ýaşajak boldy bolşuna görä,
diýen bolup ýurdum göwnümiň şady.

Eger biri öwüp, aklap döwletiň
uruşlaryn, döken ganyn ýuwmarlap,
ýuwup bilse jenaýatyn bilinýän,
gözün ýumup gyrlanlara, urlana,
süýrelene Sibirlerde ýa bärde,
Garagumda galanlara gömülmän,
bolsa bolýar diýip eziz watanym,
näme bolsak şol bolaly biz diýip,
oňatlyga ýorjak bolup bar zady,
erbet diýip bilmän erbede, gorkup,
özün aldap, aldan bolup ulusy,
mertlik diýip iller dymsa alaçsyz,
gul bolmaga yryp, ýaşasa gowy
Gurbannazar Eziz gowy ýaşardy,
gorkaklardan gorkup, boglup boşlukda,
garaşmazdy duşmanyna iň bolman,
atylmazdy otuz bäşde, armanly,
gözi ýaşly goýup ene-atasyn,
çagalaryn, dost-ýaryny yzynda,
Halyl Kuly içip ölmezdi ýalňyz,
döwlet ili top edinip atmasa,
çagasyna garşy iliň, gara göz,
ýok, bu goşgy ýazylmazdy hiç haçan,
saklap bolýan bolsa, dogulmasa söz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025