Gowy biznes
Il-ulusy gorkuda,
howsalada saklamak,
ýalan bilen, ýapmak bilen,
uly, agyr jenaýaty,
bir, iki däl, on mülerçe,
ile garşy edilen,
ogurlygy, garakçylyk,
talaňçylyk bolan açyk,
soň gulçuluk ses-sedasyz,
watançylyk, beýik diýip,
alym bolup aklamak,
bu ullakan, girdejili,
gowy biznes, basyp alan
görýär soňsuz peýdany,
üstesine beýik, dana,
şonuň üçin şahyr, bagşy,
iň ganhora diýýär jana.