Baýram dogasy

Taňrym, aç-hor, ezileniň,
kemsineniň ýanynda men,
ýetim ýesir naçarlaryň,
ýurt içinde, ýurt daşynda,
haýsy millet, tire bolsun,
mazlumlaryň tarapynda,
ýanynda däl baýyň, begiň,
ýylgyrýanyň ýalan, sowuk,
goran bolup dilde ili,
ýat illerde ýeke, ýalňyz,
käte içde boglan sili,
saklasam-da kynlyk bilen,
kimem bolsa garşymdaky,
girmeýärin batga, aşak
düşmeýärin deňesine,
gara gargyş etmeýärin
aýranlara ýurtdan, ilden,
enem-atam agladana,
gözün ýolda goýup baky,
bir dilegim kast edenler
pes bolsunlar, diýýän Alla,
çöregimi azap bilen,
göwnüme jaý, iýýän, Alla,
ýurt içinde, ýurt daşynda
bilýän, görýän bardyr, belki,
hem ýeterlik, artyk, az däl,
öňümizde oturanlar,
ýagşylyga ýamanlykly,
dogry söze duşman bolan,
öz pälinden tapar, umyt
elter bizi ýurda ahyr,
taňrym, galam berip ele,
bilýän, özüň etdiň şahyr!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025