Sen adamy gününe goý
Sen iliňden öýke etme,
kine etme seniň bilen,
dünýä bilen oýun etse,
oýun etse barlyk bilen,
ýokluk bilen, gülen bolup,
aglan bolup ýeke wagty,
bolup bilşi bardyr iliň,
gelip bilşi bardyr iliň,
seniň gelen güzeriňe,
islemese, suwy bolsa,
çeşme, käriz tapsa başga,
ýa-da ýoly sowa düşse,
öz işi bor, seniňki däl,
sen hiç kimden öýke etme,
saljak bolup galybyňa,
hal-ýagdaýyn bilmän başgaň,
ýa-da bilip, bilýän diýip,
garaş diýme hiç adama,
wada etme gelýän diýip,
berjek diýip has gowusyn,
has bişenin miweleriň,
sen adamy gününe goý,
özi biler barjak ýerin.