Seniň pitnäň
Seniň pitnäň özüň bolmak,
ýyrtyp agzyň ýaşmagyny,
matadan däl ýuka, galyň,
syryp perdäň ýüzden artyk,
perde döwri, zamanasy,
ýalan näçe uzak gitse,
sen içinde ýiteniňe,
ýitjegiňe düşünmeseň,
üýşenmeseň ýok bolmakdan,
gelip dünýä, gelmedik dek,
ýok diýmeseň bir gün ýoga,
ýok edýäne özüň bilen,
seniň pitnäň başlanmaýar,
arzuw bolup galýar içde,
ölýär, belki, özüňden öň,
eger özüň bolman ölseň,
ot bolmaly halyň barka,
wah, diýseler ýanman öçdüň,
geldiň näme, adam ogly,
ýa jahana gelmän geçdiň?