
Berekella diýiň
Berekella diýiň para alýana,
berekella diýiň para berýäne,
olar imperiýa ýykyjylardyr,
itijidir gorpa şany, soltany,
ogry-jümri, jellat, nökeri bilen,
berekella diýiň sütem edýäne,
gaçyrýana ýurdy taşlap, ýer-ýesir,
olar imperiýa ýykyjylardyr,
uly, kiçi, prokuror, kazylar,
harby serkerdeler, uly başlyklar,
ak sakgally ýaşulular, ýalançy,
ogullary gowy ýerde işleýän,
sülçüler, gümrükçi, serhetçi esger,
aeroportda alýan gowurdak paýyn,
mekdep müdirleri, dekan ýa dükan
eýelerin ýetişdirýän ÝOJ-larda,
haýsy işde, kärde, tapawudy ýok,
para alýan bolsa, beriň paýyny,
berekella diýiň, galmasyn göwni,
şahyr, ýazyjylar, bagşy, sazanda,
tans edýänler, el çarpyjy, çäreçi,
ýa çäresiz işgär bolsun, delminip,
janly diwar bolýan, hakyny iýmäň,
olaryň barysy işleýär, pahyr,
halamaýan işin etse-de käsi,
zähmet zähmet bolar çekilse, ajy
deriň haky bolmaly bor ahyry,
erteki gün bezär taryh kitabyn,
atlaryny ýazar sene ýazýanlar,
berekella diýiň para alýana,
para berýän pahyr gynanar käte,
ýöne bary ýykyjydyr zalymy,
elbetde, birden däl, ýuwaş-ýuwaşdan,
ogry kän-ä, birden ýykar ýalymy?