Zor döwlet
O döwlet zor, aýallary zorlaýar,
o döwlet zor, erkekleri zorlaýar,
o döwlet zor, çagalary zorlaýar,
zorlaýar ol ýeri, ýurdy, ölenler
aglaýarlar çykyp bilmän gabryndan,
diri bolan bolsak gaçardyk diýip,
o döwlet zor, gepletmeýär hiç kimi,
iň dilli lal açdy dilini iýip.