Dereksiz adamlar
Gowy adam erbetlere garanda,
ähli ýurtda şeýle bir kän, artykmaç,
üç-dört esse, ýa on esse diýýärler,
ýöne olar döwlet ursa, öldürse,
töhmet atsa diýip terrorçy, pylan,
goramaýar, soramaýar hiç ýerde,
anygyna ýetjek bolup meseläň,
ýa goraýar örän gowşak, çekinjeň,
akyl berýär, düýe ýitiren ýaly,
duşaklasaň bolmadymy, han ogul,
dek gezmeli diýýär beýleki biri,
dok gezerdiň, döwlet döwlet bar ýerde,
diýmeýär il kimiň elinde döwlet,
ýa kimleriň, olar nädip gazanýar
tonna-tonna puly, maly, satylan
adamlary nädip saklaýar elde,
gowy adam erbetlerde garanda
kän diýýärler, dogry, ýöne kän dilde.