Bitaraplyk sazy
Döwlet seniň demligiňden alanda,
terror bilen öldürende öldürmän,
turuwbaşdan niýetini bildirip,
ilki birin, soň ikisin dostlaryň,
doganyň, ýegeniň, obadaşlaryň,
doganoglan, çykanlaryň basgylap,
töhmet bilen türmä basyp, gepletmän,
el-aýagyn daňyp, asyp uranda,
dişde-dyrnak goranmasaň, urmasaň,
ele ilen agaç-ugajy alyp,
dursaň başyň aşak salyp tohumyň,
tijiňi gutarar, çykar soňuňa,
bu döwletiň ädehedi, däbidir,
döwlet azsa, belli bolar, başlygy
Sapar ýaly, Boris ýaly ömürlik,
bitaraplyk aýdymyny aýtdyryp,
binamyslyk sazyn çaldyrar saňa,
ukla, ýassyk gowy, düşek ýumşak bor,
muny aýtmak, diýmek galmandyr maňa.