Çynyňy aýtsaň
Ýalançysy bolsaň döwletiň gowy,
ýa gowy däl, ýöne geýýän tahýasyn,
diýýän onuň diý diýenin göwünjeň,
ýa özüňden bilseň, diýdirmän diýseň,
işde ýygnak bolsa, toýda, meýlisde,
gereklisin iň ýokardan aşaga,
seni sorag edip, kösemez kimse,
emma çynyň aýtaň, bilip ýa bilmän,
ýeke başyň goýup müň bir belada,
jellatlary häzir bolar döwletiň,
sorag yzy sorag, eliň gandally,
sülçüleriň hurşy borsuň, iýerler,
çörek edip seni mesgeli, bally.