Surat

Rugsat kyssasy

Uçmak üçin soraýana rugsat,
ganatlary özüniňki, berdaşly,
açyk göge alyp gitjek islese,
ýetdirjek däl bäri-bärde yzyndan,
a asmanyň eýesi ýok, otuzda,
kyrk ýaşynda çykman, saýlanman öňe,
ýüňi ýeten yza gaçmak islese,
bukulmak islese arkada durup,
tutup öňe o birini, bu birin,
saçakbaşy şirdir, döşüne urup,
gelendir ol birçak geljek ýerine,
seretme iki gün nirede bolsa,
ahyrynda netijesi gowy däl,
guly bolar özi ýalyň, bir parhy
ezijiler soramazlar pikirin,
islegini, arzuwlaryn hiç kimiň,
olar ezer, ezdirýärmiň, dowam et,
çagaň alar ornuň gutarsa demiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025