Millioner käýinji
Özi üçin okamaga, durmaga,
öwrenmäge gerek boljak zatlary,
ýa özüni başdan aýak gurmaga,
dikeltmäge dikeltmeli ýerinde,
ene-ata arkasynda durýarka,
ýa-da heniz barka wagty, kuwwaty,
on ýyl ömrün berip gidip-gelmäge,
geldi-geçer dostlar bilen tirkeşip,
üç ýyl sabry, kanagaty bolmadyk,
tutup başyn, hiç bir hünär almadyk,
ýigreneni okuw, soňy gelmedik,
ýöne çydar kyrk ýyl keseki üçin,
buýran işin edip, ýaranjak bolup,
gygyrsa, kemsitse çekip, ýylgyryp,
döwüm çörek berse, sagbolsun aýdar,
adam diýip, köp bilýändir, zat diýme,
ýagşylygyň bilmez, minnetdir aty,
gaçmasaň, gamçylap üstüňe gaýdar.