Şahyr bolmadyk şahyr

Fridrih Nitşäniň äheňinde

Wagty gelip, gowasyny
taşlamadyk ýylan ölýär,
galýar ýere dökün bolup,
bu hut şeýle beýnide-de,
pikirde-de köne-küşül,
ulanylan uzak, bir gün
taşlanmaly ýol ugrunda,
kän aslyşan, bilmän döwrün,
öňün alýan özgerişiň,
ösüşleriň, baglap ýoly,
boljak bolsa beýni beýni,
pikir pikir boljak bolsa,
boljak bolsa akyl akyl,
düzetmeli özün kemsiz,
dost bilen däl, duşman bilen,
agramay bar bolsa eger,
aýdýan käte dogrusyny,
şahyr şahyr bolmaz sylap,
magtap iliň ogrusyny...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025