Biljek bolsaň
Döwlet seni garalasa,
ýaralasa töhmet atyp,
türmä bassa gaýdyp bir söz
aýtmaz ýaly hakym diýip,
öldürýändir diri, bilip,
jaýlaýandyr diri, ölüp
gutulmaly halyň bolup,
gaçara ýurt gözlärsiň sen,
adama däl, derdiň diňe
ýaradana sözlärsiň sen...
Döwlet seni öldürende,
töhmet atyp, aşak basyp,
diňe seni öldürmeýär,
öldürýär ol ýanýoldaşyň,
çagalaryň bilen bile,
öldürýär ol eneň, ataň,
gaýynlaryň, gözi ýaşly,
agladýar ol adamlary,
döwletine guwanmaly,
daýanmaly kyn pursatda,
men ýok diýýär seniň üçin,
sen bar diýýär meniň üçin,
odun diýýär döwlet peji
öçmez ýaly gije, gündiz,
kimi görseň, çykan leji,
gowy diýer sorsaň halyn,
biljek bolsa bolýan zady,
bolmaly däl hiç kim alym.