Yza galma
Seni yzda saklaýanlar,
basyp alyp, ezip uzak,
bir-biriňe garşy goýup,
okan zadyň edip duzak,
taryhyňy ýoýup, gözüň
açmaz ýaly gerek wagty,
uruşmaly bolsa gidip,
ýene-de ýer almak üçin,
ýa goramak üçin ozal
basyp alnan nebit-gazyň,
ýetmez ýaly özüňe seň,
öldürmeli bolsa baryp,
öz ojagy, haky üçin
baş galdyrjak gerçekleri,
seni, seniň çagalaryň
öňe iter, gereklisiň,
yza galma islemeseň
duşman üçin mugt ölesiň.