Wähä-hä...

People will do anything, no matter how absurd, in order to avoid facing their own souls. Carl Jung

Sen iliňe aýdyp berseň warsaky,
aýdym bilen saza garyp, hehe-he,
gelin bilen gyza garyp, hehe-he,
iň bolgusyz, arzanyndan, azapsyz,
elujyndan, dilujyndan tapylýan,
göwüsleri kädi ýaly, hehe-he,
hezil eder diňleýjiler, hoho-ho,
toýda törde ornuň bolar hemişe,
haý, gelde-geç, şeýt ahyry, gelewer,
oturjak ýeriňe atarlar düşek,
ýassyk bilen, gyzyl halyň üstünden,
kemi bolmaz hiç böregiň, aragyň,
häh diýmänkäň tirýek geler owgandan,
ozal diňe zawmaglara ýetdiren,
ýa gerräniň iň gowusyn taparlar,
sen iliňe aýdyp berseň warsaky,
ýerde goýman, göge oklap, gaparlar,
ys bolarsyň diýip galsaň ýokarda,
pos bolarsyň ýerde goýsak diýerler,
tanamaýan bolmaz uly, kiçide,
salam berer gyz-gelinler köçede,
pylan aga diýip, kime ýetdirdi,
ol il öňden dessanlaryň aşygy,
ýöne soň bar tutan guşun ütdürdi,
ýeňil-ýelpaý, agyr gürrüň gerek däl,
belet boldy bagşy, şahyr, hehe-h,
geregin ber, geregiň al, haha-ha,
utanmasaň, uzak ýaşa, wähä-hä...

Sen iliňe aýdyp berseň erteki,
han ýanynda sylagyň bar, gerekli,
beg ýanynda hormatyň bar, derekli,
garyplar hem gowy görer boş gepi,
ýada salyp ýükli geçýän günleri,
kellelerin agyrtmasaň bolany,
deňsizligiň Alla diýip sebäbi,
köşeşdirseň ýyllap gallaç galany,
gowy görer ili güýmeseň uly,
gerek gepi diýseň, kyn bor büdreseň,
basyp geçer açlar kowalap puly.

Sen iliňe aýdyşmasaň warsaky,
gaýdyşmasaň aşak, ýapaşak bile,
özün aldap, ýok edýärkä şadyýan,
çagalaryn okatmagyň ýerine,
kitap bermän, beýnisini guradyp,
peşmek eden tüweleýe garaşýan,
Garagumda galan garagöz diýip,
açyk gürrüň etjek bolsaň azajyk,
gaçar olar, gyrgy gören serçe dek,
a beýleden geler göreşe çykan,
ownuk topar, garalajak adyňy,
içjek bile aragyňy başarsa,
döküp-saçjak iýip boljak zadyňy,
alyp gaçjak geýip boljak zadyňy,
abat aýakgabyň bolsa işikde,
zyňyp gitjek çöp-çalama bildirmän,
sen iliňe aýdyşmasaň erteki,
'hä' bermeseň özün arşdan asanda,
ýagyň bor bar otyrýeri ýerdäki...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025