Perişde hakykaty
Ýok, taýýar däl seniň halkyň,
seniň tutýan göreşiňe,
goşulmagyň gürrüňi ýok,
seretmäge çekinýär ol,
göni, aýryp ellerini,
gorkan çaga ýaly tutman,
gözlerinden, aglamaga,
möňňürmäge taýyn bolup,
eşitmedik bolýar sesiň,
çagyrsaň-da ýykylaňda,
gygyrsaň-da içden, sessiz,
ýetişjek ýok, kän ýadama,
ýeke özüň göreşmeli,
bil baglaman hiç adama...
Senem taýýar däldiň ozal,
ejeň ýapsa çörek, gutap,
tamdyryndan iki ädim
daş, uzaga gitjek däldiň,
açjak däldiň gözleriňi,
geýen bolup akja köýnek,
gara äýnek dakan bolup,
başga ýana bakan bolup,
boýun alman görenleriň,
bilenleriň itip aňryk,
ýaşajakdyň geldi-geçer,
çopan bolsa, goýun bolup,
geljek däldiň bu meýdana,
diýdi gelip ak perişde,
bolan bolma indi dana.