Surat

Ýalňyşma

Men bir bendi diýdi adam,
gözeneksiz gaban özün,
ýöne diýme gören däldir,
bilen däldir diýme çaklap,
ýa çen edip, ölçäp sözüň
agramyny, aýdylan ýa,
aýdylmadyk doly, düzüw,
okan däldir diýme içim,
ýa düşünen däldir diýme,
açyk kitap tiräň maňa,
köne kino taýpaň maňa,
baý-garyply kino ýaly,
bolşewikden galan miras,
ýöne işim ýetik örän,
çykarmajak boldum sesim,
karar etdim çekilmegi
dramadan, boljak uzyn,
bir gezek däl, sanardan kän,
geregi ýok maňa düýpden,
hiç siňmejek, eger iýsem,
men bir synçy diýdi adam,
ýalňyşarsyň şowa diýseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025