Surat

Sapar söwdasy

Saparmyrat nadaralyk ederdi,
aglan bolup, aldan bolup milleti,
gygyrardy, aýyplardy iki gün
emel ýetip, iýen agyz bolany,
özi özün asyp goýup asmandan,
abady ýok, döwük iliň galany,
ýok, däl diýse, umyt üzmeli jandan,
düşünýänler düşünýärdi bu oýna,
düşünmeýän elin çarpyp gülýärdi,
ýa ýaş bolup, ýa-da ýetişen, aýny
başda hyýal bolsa, galmaly wagty,
daýanmaly wagty akyl-paýhasa,
düşmän onuň gurup giden toruna,
indi hiç kim aglamaýar, gülmeýär,
jinnek ýaly akyl bolsa başynda,
ýöne çala ýylgyrýan bar, sebäbi
çukurlar çuň, otyr millet, çydaýar,
pagta ýygýar bolsa, näçe köpükden,
gurçuk turýar, a aýdymçy, şahyrlar
ýadamaýar sessiz, ýalan öpükden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025