Surat

Kyn göreş

Halka garşy göreşmek kyn,
özi okuw jaýlaryny
ýykýan bolsa bile, üýşüp,
döwýän bolsa gapylaryn,
penjiresin, islän wagty,
islän jandar girer ýaly,
goramagyň deregine,
saklamagyň deregine,
için, daşyn tämiz edip,
göreşmek kyn ile garşy,
dur diýende durmaň ýerne,
ýigrendirme gaty gidip.

Halka garşy göreşmek kyn,
akyllydyr, edýän işin
seljerýändir, bilýändir ol,
elin çarpsa, düşünýändir,
aýdym aýtsa, ýalan sözläp,
saza goşup, gülýändir ol,
goldap arzan bagşylary,
şahyrlary, köşk gurbany,
mätäç däldir maslahata,
şikaýaty ýokdur hakdan,
Alla berse, alýandyr ol,
ýaradan bar eden ýokdan,
gal diýdikçe galyp, ýaşap,
wagty gelse, dawasy ýok,
nirde diýse, ölýändir ol...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025