Adamyň ýaşy

Aýdypdyrlar pyçak özün,
gylyç özün çalyp bilmez,
ýa pyçaksyz, ýa-da daşsyz,
dursa degmän hiç bir zada,
ýalaw ýaly ýitem bolsa,
küteler tyg kesmän gynyn,
galsa gyzman, sowaman soň,
degdi diýip, depdi diýip,
ýa süýkendi diýip çala,
ýa çalana otly şarpyk,
uzadana dilin daşdan,
gahar etme, ýel turmasa,
yramasa agaçlary,
urmaz olar kökün çuňa,
ýa ýaýratmaz, durjak bolup,
özüňi al, goý baglary,
hiç garşylyk bolmasa sen,
ýa görmedik bolsaň gaty,
kemsinmeseň eşideňde
atlaryny kitaplaryň,
özüň ýalyň okan birçak,
düşünesiň gelmese tiz
düşünmedik zatlaryňa,
mydar etmän yza gaçyp,
synanasyň gelmese hiç,
gidermediň goýup ejeň
saçagyny, gowurdagyn,
düýşde görüp ojagyny,
tamdyryny gyş gijesi,
otdan geçip, suwdan geçip,
urarmydyň kelläň dagyň
gaýasyna, daşlaryna,
adam özün gursa günde,
dursa özi aýgynda,
aşyk bolar aňsat däl, kyn
ýaşan, ýeten ýaşlaryna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025