Ýitirilen dünýe

Bu ýörelge, diňe söz däl,
diýýär olar batgada bas,
doňuz bolsa, ahmal bolman,
hapalatman üstüň gaty,
ýöne kim kän doňuz boldy,
özüňdemi, başgada kän
gylyklary bozulanyň,
bilmek müşgül, gygyrmaly,
garşyňdakyň basyp sesin,
gapyp özüň gulaklaryň,
soň diýmeli eşitmedim,
öz sözleriň, ýadymda däl,
ýa diýeni başgalaryň,
sözüň azatlygy näme,
ýa-da pikir etmek özüň,
ol obadaş, düşüniksiz,
plakata dikmän gözün,
özi ýazyp öz kyssasyn,
üýtgeşik, del goşgy düzüp,
gaçdy ahyr awariýa,
ýa içgili gark bolmanka,
özi urup, özi ýüzüp,
däli derýa, öý goşuna
gözün diken galdy gargap
dünýe gerek ýitenlere,
garaşyp ýör, ony sargap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025