Gahar etseň

Sen il-günüň gaýgy etseň,
gahar etseň bolmaýana,
aýtjak bolsaň pikir-oýuň,
düşüneniň, durman çetde,
alyp barýan ýaly görüp,
galyp barýan ýaly yzda,
her hilisi galdyr başyn,
ozal oýnan ýaşyn-ýaşyn,
tire kartyn oýnar biri,
taýpa kartyn oýnar biri,
kemsidilen, haky iýlen,
goldamasaň ýa o paraz,
ýa bu paraz bolarsyň sen,
bu-da ýetmez, ýa az görüp,
has agyryn diýer biri,
gök garalyp, agyr bulut,
ýel atyny münüp geler,
gaçmalysyň, saýawanyň
galan bolsa, ýuka geýnip,
çykan bolsaň güneş diýip,
çekil, dişsiz gemirjekden,
oň gowusy özüň iýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025