Beýik hassalyk
Ol gowudy, palta alyp,
öldürjek däl adamlary,
naçarlary, ýaragy ýok,
goranmagy başarmaýan,
nätsin, diri galsa biri,
açjak syryn, etjek aýan,
wah, ýüregi gowudy oň,
bigünädi naçar dogan,
perişde dek, mätäç boldy,
gözlerini gapdy gahar,
kine aldy ýüregini,
etjek däldi, gitjek däldi
beýle ýoldan palta alyp,
o beýleki, ondan beter,
owadandy, ýüregi päk,
has-da gowy düşünseňiz,
tenin satjak däldi ýolup,
ýöne nätsin, mätäç boldy,
çagalar aç, jigilerin
aç öldürmän alyp galdy...
Olar örän gowudy, wah,
ýöne nätjek, dünýe humar,
durmuş ýowuz utulana,
utan azyp uly ýolda,
rehim ýok tutulana,
gyrjak diýmän çaga-çuga,
adam ogly, başga dilli,
başga dinli, yza galsa,
ejiz bolsa, pikir etmän,
özi üçin, ilkinji iş,
şükür etse, gülüp oňa,
bolan bolar beýik, dana,
sen olaryň kitaplaryn
okamaly doýman, gana...
Pikir etseň özüň üçin,
iliň üçin pikir etseň,
pikir etseň ýurduň üçin,
hatar, atar ýaragy kän,
gürrüňi kän üstesine,
şahyrlary beýik, emma
sen beýniňi goramaly,
goramaly ýüregiňi,
durjak bolsaň durmalyda
ýitip gitmän ýiten bilen,
basyp alyp başgalary,
urup, özün uran, belki,
gyryp, özün gyran, belki,
paltasyny goýman elden,
ýa-da müňkür bolup mydam,
bar günäni görüp ilde...
Yza galsaň, ýaragyň pes,
soňky gürrüň bolýar gürrüň
bilýär muny, görýär hemme,
beýiklik ýok ahda, wahda,
hä, wah diýip, özüň kemme,
kemsitdirme okap kitap,
güýçli diýse matlap bilen,
magtap, gözüň gapan bolsa,
bolan bolma okan, bilen,
diňläp özün öwenleri,
seniň borjuň beýgeltmek däl
depäňde daş döwenleri.