Ýöntem hile
Biri azat bolsa, olar
ýas tutarlar, ölmelidi,
galmalydy çykman diýip,
diýmek, haýyn, başga zat däl,
bu bir dertmi, hassalykmy,
orta çykyp, bil tutuşjak,
göreşjek däl, baýrak aljak,
aýry bolsa, saýry boljak,
bolan boljak has ullakan,
has ýokarda, giň pikirli,
çuň pikirli, telper emma,
ýa bu pesiň ädehedi,
bolup bilşi, gülen bolup,
sen olara düşünýärsiň,
haly agyr, gynanmaly,
olar saňa düşünmeýär,
oýun edýär sahna çykyp,
perde syryp, açan bolup,
bütin ömri ýöntem hile,
öz-özünden gaçan bolup.