Sowet şahyrynyň kyssasy

Goşgy ýazmak, ýa okamak gerekmi,
şahyr oýnun oýnan bolup, ynanyp,
ýa ymsynyp, serhoş bolup şöhratdan,
işikden kowulsa, sümýän deşikden,
ata-babaň gyran gelip buýsanjyň,
ýa göreldäň boljak bolsa, ynanman,
beýik diýip, diýip ärler ülkesi,
uran, çapan, bir asyr däl yzlaşyk,
ahy-nala tutup bütin dünýäni,
ýok edilen iller, oba, şäherler,
gara tütün bulutlary bogýarka,
goşgy ýazmak, ýa aglamak gerekmi,
duel hakda, bolan ýa-da bolmadyk,
ýetiş diýip, seniň wyždanyň üçin
duşmanlaryň burça gabady şahyr,
kyn düşýärmi diýip goramak merdi,
onuň murty ýaňja tabady ahyr...

Mesele kyn, aňsatlykda boldumy,
ýa bu ýerde başga meseleler bar,
düşünjek bolýarsyň şahyra, ile,
onuň goşgularyn okan, düşünen,
ýa düşünen bolan, ýa bary hile?

Ol näme üçin gorar eli ýaragly,
ýa ýaragsyz oýunjagyn, sany ýok,
murty taban, ýa ak sepen başyna,
nirä sürse gidýän, urýan ejizi,
ýa-da haçan namys boldy öldürmek,
basyp almak, şahyr bolsaň bilmeli,
ýöne belli, ýüň gazygyň ýagdaýy,
kötek güýçli bolsa, bolmaýar näme,
ýa-da adam öte geçýär gorkanda,
bir gözi däl, akyl-huşy kütelýär,
üstesine şöhrat gerek, at gerek,
hala alym, ýa ýazyjy, bir ýoda,
gerek bolsa nätjek, ýykylar derek,
bil ýa bilme, baýrak oýny oýnagyň,
gije ýatsaň, gulaklaryň gapylar,
atlar kişňär, sesi geler toýnagyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025