Edilmedik gürrüň
Uly dogan bolmak üçin urmaly,
obalary oda berip, kül edip,
erkekleri birujundan gyrmaly,
adamlary ot-ýalynda bişirip,
çagalary diri gömüp, çapylan
kelleleri gazyklara geýdirip,
göz etmeli kimdigiňi jahana,
uly dogan bolmak üçin durmaly,
taýyn bolup öldürmäge hemişe,
ýylgyrmaly ýalan etjegiň edip,
etdi olar edip bilen zadyny,
sen Puşkini, Lermontowy okadyň,
gitdiň, ýitdiň ýalanynda ýat iliň,
uly dogan bolup oýnan, uly däl,
pesiň-pesi, belki, soňra düşündiň,
ýa düşünjek bolduň arak gutaryp,
görüp dostuň dost däldigin aslynda,
dolanasyň geldi aslyňa, meger,
yza gaýtmak, gelmek eziz diýara,
zyýany ýok diýdiň bolsa-da haýal,
käşgä ýetsem diýdiň, gözi ganlynyň
bilmezlige salyp öçli gelenin,
goý gününe mazarynda diýýärler,
etmeli däl gürrüňini öleniň...