Gorkagyň ýapyşalgasy

Geredotyň äheňinde

Uruş, gowga islär ýaly,
asudalyk deregine,
hiç kim beýle akmak bolmaz,
bolup bilmez, bolmaly däl,
eger däli bolmasa ýa,
pesiň pesi köşge gelen,
asudalyk bolsa eger
ogullary egne alyp,
atalaryn soňky ýola,
yrza bolup ugradarlar,
ýöne uruş bolsa bolmaz,
atalara ýetmez nobat,
jaýlar olar ogullaryn,
bozular düýp adat, abat
ýeri galmaz ýürek, bagryň,
gorkup, urşa ýapyşsa han,
ili çeker ýüküň agryn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025