Surat

Duşman dostlugy


Samsyklyga salyp, bilmedik bolup,
düşünmedik bolup hile, pirime,
nämemişin, nakyl barmyş, duşmanym
dostlarymdan ýakyn saklap ýadadym,
şeýle bir ýadadym ýalan ýylgyryp,
bermeli jogaby bermän ýerinde,
gümmi-sümmä urup, üsgüren bolup,
ahyrynda diýdim nämäme gerek,
tanaýaryn ahyr baryn aýnada
gören ýaly, okap daşdan içlerin,
kesdim telefony, haty, petegi,
okap bilýän islän kitabym indi,
a soň kino görýän galan ýerinden,
yza gaýdyp, eger akal almasa,
ynanmaň nakyla, duşman gerek däl,
içiňde geçmejek puşman galmasa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025