
Geljek diýme
Onda garnyn suwa atyp ýatana,
geljek, halas etjek, beýleki diýme,
diýme geçjek jandan maksadym üçin,
gözi ýolda galanlary aldama,
igli çaga ýaly, oturan öýde,
durşy gulak ýa-da antenna bolan,
barjak, halas etjek zulumdan diýme,
jogap berer diýme ezenler ili,
diýme uly aýlyk alarsyň, oglan,
ynanar ol, garaşar ol, "Jeep" münüp,
täze, tekiz ýolda sürerin ýüzden,
galan ömrüm diňe aýnaryn diýip,
çärä gatnap ýadamaryn, işden soň,
çagalarym bilen oýnaryn diýip,
pikir eder munda, uzak illerde
gije-gündiz gaýgy edip birleri,
elli ýyllap okap, agardyp saçyn,
el-aýagy ýüpsüz, güýlünen äri,
onuň erkek doganlaryn, aýalyn,
uýalaryn, ýegenlerin unutman,
gelip hökman ýeke-ýeke gutarar,
sebäbi il ölmeli däl, galmaly,
bolmaz ahyr gidip, gelmese biri,
tapylmasa sözlerinde munça ýyl
gürrüň edip jennet hakda ýerdäki,
geljek diýme ýollar ýapyk mahaly,
boş gürrüňler haýry iýer şerdäki.