Surat

Dowzahyň iň gyzgyn ýeri

Obur agamyň öýünde dörän goşgy

Ejem pahyr, gözi ýolda, gidipdi,
kakam pahyr, öz sözünde aýdylsa,
garaşýardy beýik güne, ýadapdy,
birden gapy, derwezeler açyldy,
bardym, gördüm, ýollar ýörär ýaly däl,
kimi görseň hassa ýa-da aç, suwsuz,
galan ýaly Garagumda on bäş ýyl,
men gidelim gurap galyp guýular,
takyrlarda kaklar dolman bir gezek,
agalaryň biri, belki, tabşyryk,
nahara çagyrýar günde-günaşa,
bolan bolup eli uzyn, gaýgysyz,
dost-ýary bar, gürrüňi ýok derekli,
gülen bolup, bolan bolup bigäne,
oýnaýarlar rollaryn, gep üçin,
gürrüň üçin gelen ýaly, ýa arak,
börek bolsa, mesele ýok dünýede,
şondan bäri görsem dükanda şerap,
çüýşeleri dürli-dürli, käri bir,
alyp gitjek bolsa nogtasyz idip,
ýada düşýär Dante, terk etmän ilin,
ýanan, ýazan öz dilinde, ölmedik,
iň howurly ýeri diýen dowzahyň
saklanarmyş aýap, berilmän kimsä,
il çüprände, ahlak çökende küle,
bolan bolup oýnaýana bitarap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025