Surat

Syýasy ýalňyş

Her adama çörek gerek,
derman gerek, hassa bolsa,
açyk howa, agyz suwy,
dynjyn almak, ýadan bolsa,
öz öýünde, mätäç bolman,
il diýilýän il bolanda
goramaly gowşagyny,
urmaly däl, öýün ýykyp,
elindäki döwüm nanyn
almaly däl, deňlik gerek,
kanun gerek, ulanylýan,
dogry, düzüw, kast üçin däl,
ýalan haýyr-sahawatçy
bolan bolman il ýüzüne,
görnüp durka oýnuň soňy,
her adamyň mertebesin,
hak-hukugyn goramaly,
ykrar edip oňman diňe
okalmaýan kitaplarda,
adam bolan biri-birin
basmaly däl, asmaly däl,
mätäçligiň agajyndan,
dikip ony her köçede,
galdyrmaly ýykylany,
depmeli däl döwlet ili,
türmä salyp, alman badyn,
beýgeltmeli, ýurt içinde,
ýa daşynda büküp bili,
çörek üçin gul bolan är,
ý-da aýal, birleriniň
ogly, gyzy, iň ýakyny,
geliň, ili öldürmäliň,
adam bolup galjak bolsak,
güldürmäliň duşmanlary,
har etmäliň halky diýseň,
bir adam ýok gapdalyňda,
diýseň-de: "Gel, palaw iýseň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025