Gynandyrma
Sen örtenme iliň üçin,
tahýa geýip, telpek geýip,
ak sakgally bolsun hatda,
ak gyňaçly bolsun hatda,
elin çarpsa ýalan söze,
garap bilmän göni göze,
bir ýyl, iki, on üç ýyl däl,
belki-de bu gerek oňa,
ýa has möhüm menden, senden,
seniň ýaly alty, ýedi
azaşandan gumda, golda,
sen örtenme iliň üçin,
öz-özüni saklan ýolda,
goýbermejek bolup, öňe
dyzanlara nälet okap,
bolýan bolsa haly bilen,
ýene, ýene, ýene dokap,
düşäp şäher ortasynda,
tans etsinler, aýdym aýdyp,
bahyl bolma, bagtly gullar
gynanmasyn indi gaýdyp.