Para bagty
Para berip ýaryşyp,
okuw jaýyn ýykan millet,
ýakan millet bir-biregi,
öz-özüni, rehim ýok,
çaga diýip, garry diýip,
aýal diýip, diýip erkek,
çaýyr ýaly, bitjek ýene,
ot berilýän ýanjak wagty,
satyn alyp emel bolsa,
gelen bolup para bagty,
Alla berýär diýip alsa,
ogurlasa iliň malyn,
geçen zady satyp arzan,
ýykan millet bütin ýurdy,
bolsa, gaçýar başga ülkä,
uwlan ýaly gündiz gurdy.