Sen we beýlekiler
Sen beýleki adamlary,
dogan-gardaş, ýa keseki,
bejermersiň döwlen bolsa,
öwlen bolsa ýalan uzak,
ilki özüň bejermeseň,
ýykylany galdyrmarsyň,
eliň berip, direg bolup,
ilki galman özüň ýerden,
äkitmersiň arka alyp,
ýaralyny, ganyn ýuwup,
ýuwman ilki öz ganyňy,
sen özüňe seret ilki,
soň beýlekä ýak janyňy.