Bahyl oba

Biz obada, diýdi tanşym,
göreş tutsaň egri bilen,
doganyň-da halamaýar,
ýegeniň-de halamaýar...

Ýykaýmasyn diýýän ýaly,
baş baýragyn alyp toýuň,
bil tutuşsaň ogry bilen,
ady belli bütin oba,
il malyny talan, çapan,
halamaýar dostlaryň-da,
duz iýişen, arak içen,
içi gyssa gelip agşam,
göçen gürrüň edilende,
gaçan işe gezek gelse,
gaty belet bolandyryn,
eger ýyksa ogry seni,
ýykan ýaly etse çala,
badak salyp aýagyňa,
saklansaň-da entek daýaw,
görendirin, görendirin,
gygyrýarlar turup bary,
haý, daş etdiň diýip, böküp,
gutlan bolup şermysary.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025