Diwar ýazgysy

Seret, ýagyş ýagýar, adam
aýakgabyn öl etmesin,
aýagyna daş bol onuň,
basyp geçsin suwdan aňryk,
garaşyp dur, gaýdyp gelse,
balagyny öl etmesin,
gonjy uzyn bolsa biraz,
sen asfalt bol, täze, tekiz,
döwük-ýenjik asfalt bolma,
gaty görer, bagyşlamaz,
sen gowy bol, akylly bol,
ýok, bolmasaň, özüň bilýäň,
ýagyş ýagýar, ýollar kirşen,
ýüz öwürer adam senden,
bolmaz gelip gören, görşen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025